Türkmen Lideri “EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň gününiň açylyşyna gatnaşdy

Türkmen Lideri “EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň gününiň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) iş saparyny amala aşyrdy we Dubaý şäherinde geçirilen “EKSPO-2020” bütindünýä sergisiniň çäklerinde gurnalan Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Dubaýyň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy BAE-niň resmi wekilleri garşy aldylar. Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde milli Liderimiziň BAE-niň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykdan soňra hormatly Prezidentimiz “EKSPO-2020” sergi toplumynyň merkezi meýdançasynda geçirilen Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň Baş direktory Rimal Al Haşemi hem gatnaşdy.

Habara görä, döwlet Baştutanymyz BAE-niň ýokary wezipeli adamlary bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňişleýin açyp görkezýän türkmen pawilýonyny synlady. “Ykjamlylyk” bölüminde ýerleşýän Türkmenistanyň milli pawilýony “Ahalteke bedewleri bilen medeniýete syýahat” şygary astynda geçirilýär.

Milli pawilýon bilen tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşýan myhmanlara Türkmenistanyň ulag, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Döwlet Baştutanymyz türkmen pawilýonynyň tanyşdyryşyna gatnaşyjylara ýurdumyzyň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ýokary görkezijilerini giňişleýin beýan etdi.

Şeýle-de milli Liderimiz BAE-niň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny beýan edýän sergi pawilýonyna gelip dostlukly döwletiň sergi bölümi bilen hem tanyşdy.

Sergi bilen tanyşdyryş dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezine ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirmek üçin ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň BAE bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň köp meselelerini öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

(Suratlar: Türkmenistanyň resmi metbugaty, TSTB)

2022