Türkmenistanyň Prezidenti Stambulda Türki geňeşiň sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Stambul şäherinde anna güni geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) sekizinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler” şygary astynda geçýän nobatdaky mejlise Türki geňeşiň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Sammite gatnaşyjylar Geňeşiň geljegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu ugurda birnäçe wajyp çözgütleri kabul etdiler. Şonuň ýaly-da, häzirki sebit hem-de halkara ähmiýetli syýasy we ykdysady wakalar dogrusynda giňişleýin pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda eden çykyşynda bu duşuşygyň aýratyn ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Geňeşe synçy döwlet hökmünde kabul edilmegi ýurduň türki dünýäniň döwletleri bilen gatnaşygynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan möhüm wakadyr.

Ýygnagyň dowamynda geňeşiň başlyklygy Azerbaýjandan Türkiýä geçdi. Türki geňeşiň 8-nji sammitiniň jemi boýunça Stambul jarnamasyny kabul edildi we resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Mundan başga-da, “2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasy” tassyklanyldy, Türkmenistanyň Geňeşe synçy-döwlet hökmünde kabul edilmegi baradaky çözgüt kabul edildi we hyzmatdaş-ýurtlaryň hem-de synçy-döwletleriň derejeleri kesgitlenildi.

Türki geňeşiň agza döwletleriniň Baştutanlary bu geňeşiň adyny Türki döwletleriniň guramasyna üýtgetmek kararyna geldiler. Bu karar guramanyň statusyny ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Şol gün sammitiň çäginde Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary bilen hem gepleşik geçirdi.

(Suratlar: Türkmenistanyň resmi metbugaty, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň metbugat gullugy)