Türkmenistanyň Prezidenti Stambulda türk kärdeşi bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Stambulda türk kärdeşi bilen duşuşdy
Döwlet Baştutanlary iki ýurduň bähbitlerine kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Stambul şäherinde anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar bar bolan uly mümkinçilikler hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanlary iki ýurduň bähbitlerine kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag-kommunikasiýalar, gurluşyk senagaty ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Prezidentleri möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça pikir alşyp, iki ýurduň iri halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türki geňeşiň 8-nji sammitiniň gün tertibi barada maslahatlaşyp, Türkmenistanyň bu geňeşe synçy derejesinde goşulyşmagy baradaky çözgüdiň giň ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammitine gatnaşmak maksady bilen Stambula iş saparyny amala aşyrýar.

2022