Duşenbe güni halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Şu günki esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Bu ýerde milli dessurlaryň we özboluşly ýörelgeleriň bitewi sazlaşygyny döreden ertekilerdäki şäheriň keşbi janlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Hatara düzülen ak öýler, haly düşelen sekiler, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar we şatlyk-şowhun bu günki baýrama özboluşly dabara berýär. Nowruz baýramynyň hormatyna guralan toýda älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda hoş owazly aýdymlar belentden ýaňlandy.
Baýramçylyk dabarasyna hormatly ýaşululary, dürli zähmetkeş toparlarynyň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Garagum derýasynyň kenarynda döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň belent ruha beslenen aýdymlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Bu ýerde guralan sergide bereketli topragymyzda ýetişdirilýän önümler hem-de ekerançylygyň baý milli däpleri görkezildi. Joşgunly sazlar bilen birlikde, oba hojalyk işleriniň esasy pursatlary görkezildi.
Baýramçylykly dabaralar sişenbe güni dowam etdi.
2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.
Suratlar: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi