Aşgabatda Dokma senagaty ministrliginiň nobatdaky dükanlary açyldy

Aşgabatda Dokma senagaty ministrliginiň nobatdaky dükanlary açyldy
Dükanda erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler, şeýle hem milli bezegleriň görnüşlerinden peýdalanyp, talyplar üçin öndürilýän sport lybaslary hem bardyr.

Sişenbe güni Aşgabat şäheriniň Ata Döwletow köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň on sany söwda dükanlarynyň täze toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasyna Dokma senagaty ministrligine degişli ýolbaşçylar, fabrikalaryň başlyklary, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň “Nusaý”, “Gala”, “Bürgüt”, “TG Aýakgap” we “Altyn asyr”, Aşgabat Dokma Toplumy (ADT), “Merw”, “Bahar”, “Bedew”, “Ýeňiş”, “Zeýtun” ýaly brendleri hödürlenilýär.

Türkmen dizaýnerleri öz işlerinde ilkinji nobatda ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler.

Alyjylara 100-den gowrak erkekler üçin niýetlenen ýeňli we ýeňsiz köýnekler hödürlenýär. “Ýeňiş” haryt nyşanly ak köýnekleriň hem 12-den gowrak görnüşleri müşderilere ýetirilýär. Dükanda erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler, şeýle hem milli bezegleriň görnüşlerinden peýdalanyp, talyplar üçin öndürilýän sport lybaslary hem bardyr.

Ýakynda paýtagtymyzda ýene birnäçe nokatda şeýle dükanlary açmak meýilleşdirilýär.

2022