Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
Sergä ykdysadyýetiň jemgyýetçilik pudagynyň, sport we syýahatçylyk guramalarynyň we ýerli hususy kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde sişenbe güni Garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. 

Bu sergi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan durmuş we ykdysady üstünliklerini görkezýär, şeýle hem, ýurduň işewür gatnaşyklaryny we içerki önümlerini mahabatlandyrmak üçin platforma bolup çykyş edýär we myhmanlara ýurtda bolup geçýän özgerişler bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara ýollan gutlagynda bu serginiň “Döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýä bazarlarynda barha giň orun alýan harytlarymyzy, hyzmatlarymyzy, şeýle-de amala aşyrýan taslamalarymyzy Ýer ýüzüne ýaýmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäre boljakdygyna pugta ynanýaryn” diýdi.

Sergä ykdysadyýetiň jemgyýetçilik pudagynyň, sport we syýahatçylyk guramalarynyň we ýerli hususy kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk dabarasyny bellemek maksatnamasynyň çäklerinde köp sanly maslahatlar, tegelek stollar, aýdym-saz dabaralary geçirilip, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň sylaglanmagy we önümçilik desgalarynyň açylmagy meýilleşdirilýär.

2022