Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazarýaka aýlaw ýoluny gurmagy maslahatlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazarýaka aýlaw ýoluny gurmagy maslahatlaşar
Forumyň çäginde degişli ýurtlaryň arasynda Ylalaşyga gol çekilip bilner.

Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen şu ýylyň maý aýynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” atly maslahatda Hazar deňziniň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň aýdanlaryna salgylanyp, “RIA Nowosti” habarlar gullugy anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň çäginde degişli ýurtlaryň arasynda Ylalaşyga gol çekilip bilner.

“18-nji maýda Kazan Forumyny geçireris. Onuň dowamynda Gazagystandan we Türkmenistandan gelen kärdeşlerimiz bilen Hazar deňziniň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýäris we Ylalaşyga gol çekip bileris” diýip, Marat Husnullin aýtdy.

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin bilen Marat Husnulliniň şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistana eden iş saparynyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki ýol taslamasy, ýagny Hazar deňziniň gündogar kenarýakasyndaky awtoulag ýolunyň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşylandygy mälim boldy.

2022