Türkmenistan üstaşyr ýük daşaýjylara multimodal gatnawlarda haryt daşamak üçin rugsatnama bermek boýunça nyrhnamany arzanlatdy. Bu barada “Türkmen Logistika Assosiasiýasy” penşenbe güni özüniň resmi saýtynda habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Türkemenulaggözegçilik” döwlet kärhanasy Türkmenistanyň demir ýol menzillerinden ýa-da ýük meýdançalaryndan beýleki ýurtlara üstaşyr harytlaryny daşaýan ulaglar üçin rugsatnamalaryň we halkara iberiş belliginiň (CMR) arzanladylyşyny yglan etdi:
- CMR-y hasaba alyş bahasy 100 manat
- Ýük awtoulaglaryň eýelerine üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýük getirmek we Türkmenistanyň çägindäki ulaglarda ýük daşamak üçin tölegiň bahasy- 100 manat
Bu arzanladylyş deňiz, demir ýol ulaglary bilen ýük meýdançalaryna ýa-da Türkmenistanyň çägindäki ilkinji demir ýol menziline gelýän üstaşyr ýükleriň multimodal daşalmagyna hem degişlidir.
Mundan ozal Türkmenistanyň demir ýol menzillerine ýa-da ýük meýdançalaryna gelýän daşary ýurt ulaglaryndan üstaşyr ýükleri düşürmek üçin tölegler 250 ABŞ dollaryndan 100 ABŞ dollaryna çenli arzanladyldy.
Bu çäreleriň ählisi ýük daşaýjylara türkmen serhet ýakasyndaky demirýol terminallarynyň we ýük meýdançalarynyň mümkinçiliklerini has işjeň ulanmaga we üçünji ýurtlara amala aşyrylýan ýol gatnawy üçin rugsat almak bilen bagly päsgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berer.