Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy derman we çaga iýmitini öndürer

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy derman we çaga iýmitini öndürer
Haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde onuň işiniň giňeldiljekdigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çäginde Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, derman serişdelerini we çaga iýmitini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek meýilleşdirilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda aýtdy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde onuň işiniň giňeldiljekdigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny kämilleşdirmek, onuň häzirki döwrüň talabyna, umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelýän hukuk binýadyny döretmek meselelerine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady.

Şunda saglygy goraýyş ulgamy bilen ykbalyny baglan lukmanlaryň tejribesiniň ulanylmagynyň, onuň işine häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde halkara giňişlikde wagyz etmek meseleleriniň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda degişli makalalary taýýarlamak, internet saýtlaryny döredip, olarda zerur bolan maglumatlary ýerleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň gulluk maksatly berlip, olarda 10 ýylyň dowamynda birkemsiz ýaşap, zähmet çeken maşgalalaryň jaýlary öz atlaryna geçirip bilýändiklerini aýtdy.

2022