Almaty şäherinde ikinji “ÝB – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Almaty şäherinde ikinji “ÝB – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy geçiriler
Ilkinji “ÝB — Merkezi Aziýa” Ykdysady forumy 2021-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirildi.

“ÝB — Merkezi Aziýa” ikinji Ykdysady forumy 18-19-njy maýda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti anna güni habar berdi.

Foruma Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, ÝB-niň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de ösüş guramasynyň ýokary derejeli hünärmenleri gatnaşarlar. ÝB tarapyndan bolsa Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Waldis Dombrowskis wekilçilik eder.

Forumyň maksady ýaşyl we sanly ulgama geçiş, iş gurşawyny gowulandyrmak, şeýle hem söwda ýaly esasy ileri tutulýan ugurlar boýunça ÝB bilen Merkezi Aziýanyň özara gatnaşygyny gowlandyrmak bolup durýar. Forum Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy bilen hyzmatdaşlykda gurnalýar.

Mundan başga-da, 18-nji maýda hususy pudagyň wekilleri bilen pikir alyşmaga we ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda işewürlik gatnaşyklary ýeňilleşdirmäge gönükdirilen işewürlik çäresi geçiriler. Bu çäre halkara söwda merkeziniň ýardam bermeginde guralýar.

Ilkinji “ÝB — Merkezi Aziýa” Ykdysady forumy 2021-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirildi.

2022