Britan kompaniýasy Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlary çekmegiň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Britan kompaniýasy Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlary çekmegiň üstünde işleýär
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy

Britaniýanyň “GaffneyCline” maslahat beriji kompaniýasy “Türkmennebit” döwlet konserni bilen bilelikde Türkmenistanyň offşor pudagyna maýa goýumlary çekmegiň üstünde işleýär. Bu barada “GaffneyCline” kompaniýasynyň taslamalary dolandyrmak boýunça müdiri Drýu Pauellanyň aýdanlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi penşenbe güni habar berdi.

Drýu Pauella Türkmenistanyň şu ýylyň 26-27-nji aprel aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýurduň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçirjekdigini belledi.

Geçiriljek halkara çäräniň esasy maksady ýurduň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we energetika ulgamynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny berkitmek bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma halkara we milli energiýa kompaniýalary, şeýle hem sebitleýin bilermenler gatnaşarlar.

“GaffneyCline” kompaniýasy 50 ýyldan gowrak wagt bäri nebitgaz pudagyna tehniki, söwda we strategiki maslahat hyzmatlaryny berýän global maslahat beriş kompaniýasy bolup durýar.

2022