Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler
Dubaý, Birleşen Arap Emirlikleri

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde şu ýylyň 26-27-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň resmi internet sahypasy duşenbe güni habar berdi.

Geçiriljek halkara çäräniň esasy maksady ýurduň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we energetika ulgamynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny berkitmek bolup durýar.

Hususanda, çärede Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit-gaz şertnamalaýyn çäklerini we dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça ikinji iri kän bolan “Galkynyş” ýatagynyň indiki tapgyryny işläp taýýarlamak boýunça maýa goýumlaryň çekilmegine üns beriler.

Halkara roud-şouw “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy , “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar. “Turkmen Forum” HJ we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bolsa çäräniň gurnalmagynda hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýanyň nebit-gaz bazarynda möhüm orun eýeleýär. Ýurduň uglewodorod serişdeleri nebit ekwowalentinde 71 milliard tonnadan gowrak diýip çaklanylýar. Şolaryň 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy tebigy gazdyr.

Bu maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň iň iri sarp edijisi Hytaý Halk Respublikasydyr (30 milliard kub metrden gowrak). Mundan başga-da, türkmen gazy Russiýa we swop operasiýalary arkaly Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylýar

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022