“CNPC” kompaniýasy Türkmenistana $9,4 milliarddan gowrak maýa goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“CNPC” kompaniýasy Türkmenistana $9,4 milliarddan gowrak maýa goýdy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum, 26-27-nji aprel, Dubaý, BAE (Surat: Dragonoil)

“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançanyň çäginde “CNPC” Türkmenistana 9,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy diýip, “CNPC Middle East” kompaniýasynyň prezidenti Wan Guýhaý 26-27-nji aprelde Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda eden çykyşynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň umumy mukdary 360 milliard kub metrden gowrak bolup, gaz söwdasynyň möçberi onlarça milliard amerikan dollary bilen bahalandyrylýar.

“CNPC Middle East” kompaniýasynyň prezidentiniň aýtmagyna görä, korporasiýa her ýylda harytlyk gazyň 13 milliard kub metrini eksport edip, 1,2 milliard ABŞ dollary möçberinde salgyt töleýär.

Şeýle-de“CNPC Middle East” kompaniýasynyň prezidenti Wan Guýhaý korporasiýanyň durmuş maksatly taslamalara 26 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýup, iş orunlarynyň on müňlerçesini döredendigini belledi.

Mundan başga-da 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen forumda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasy işe girizilenden soň türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberiniň ýylda 65 milliard kubmetre çenli artdyryljakdygyny aýtdy.

2022