Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksporty ýylda 65 milliard kubmetre ýeter

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksporty ýylda 65 milliard kubmetre ýeter
“CNPC Aktobemunaýgaz” kompaniýasyndan iş pursaty (Surat: cnpc-amg.kz)

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasy işe girizilenden soň türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberi ýylda 65 milliard kubmetre çenli artdyrylar diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň çarşenbe güni habar bermegine görä, gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň Hytaýa barýan ugry Türkmenistan serhedinden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň çäginden geçer.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Hytaýa ýylda goşmaça 25 milliard kubmetr gaz ibermek üçin “Galkynyş” käniniň ikinji tapgyryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýändigini belledi.

Mundan başga-da, Batyr Amanow “Galkynyş” käni gazyň ägirt uly goruna eýedigini belläp,onuň 27,4 trillion kubmetr möçberinde bahalandyrylýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy BAE-niň Dubaý şäheriniň “Hyatt Regency” myhmanhanasynda penşenbe güni öz işine başlady.

2022