Hytaý Siandan Merkezi Aziýa çenli “Çanan” ýük otlusyny işe girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý Siandan Merkezi Aziýa çenli “Çanan” ýük otlusyny işe girizdi
Hytaýyň Sian şäherinden Merkezi Aziýa barýan “Çanan” otlusynyň ugradylyş dabarasy, 2023-nji ýylyň 26-njy apreli, Sian, Hytaý

Hytaýyň Döwlet geňeşçisi we Daşary işler ministri Sin Gan we “Merkezi Aziýa–Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Hytaýa baran Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri Sian halkara söwda we logistika merkezine baryp gördiler we Sian şäherinden Merkezi Aziýa barýan “Çanan” otlusynyň ugradylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Hytaýyň Hindistandaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Çanan otlusy Hytaý-Ýewropa demirýol ekspressiniň we ““Bir guşak–bir ýol” başlangyjynyň 10 ýyllygy mynasybetli işe girizildi. Hytaýyň Daşary işler ministri Sin Gan “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň bilelikdäki gurluşygynyň meýilnamalaryny beýan etdi we "Medeni ýüpek ýolunyň" döredilmegine, şeýle hem köptaraplaýyn sazlaşygy güýçlendirmäge çagyrdy.

Sian şäherinde ýerleşýän Hytaý-Ýewropa demir ýol ekspressiniň gurnama merkezinde şäherden Merkezi Aziýa ýurtlaryna çenli 17 sany magistral ugur bar. “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň ugrundaky ýurtlardan we Hytaýyň 29 sany welaýatyndan getirilen harytlar Hytaýda we Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm wezipe eýeleýän Sian şäherinde ýygnalýar we paýlanylýar. “Çanan” otlusy gatnawynyň sany, ýüküň mukdary, ýüklenen konteýnerleriň özara baglanyşygy we beýleki esasy görkezijiler boýunça birnäçe ýyl bäri Hytaýda birinji orunda durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň Sian şäherinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna “BYD Auto” kompaniýasy tarapyndan Sianda öndürilen 260-dan gowrak energiýa awtoulaglary alyp barýan ýörite otly 12 günüň dowamynda Özbegistanyň paýtagty Daşkende barar. Täze energiýa awtoulaglary Hytaýyň önümçiliginiň 14 göterimini emele getirýär. Bu ulaglar dünýäniň ähli ýurtlarynda satylyp, Merkezi Aziýada hem meşhurdyr.

“Xinhua” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, penşenbe güni geçirilen “Merkezi Aziýa–Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynda Hytaýyň Döwlet geňeşçisi we Daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa–Hytaý” Sammitiniň şu ýylyň maý aýynda Sian şäherinde geçiriljekdigini aýtdy.

2022