Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň geçirijiligini 15 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň geçirijiligini 15 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär
Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitinde çykyş edýär, 2023-nji ýylyň 9-nji noýabry, Daşkent, Özbegistan (Surat: primeminister.kz)

Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa we Eýran Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelegesiniň ýük geçirijilik kuwwatyny 2027-nji ýyla çenli 15 million tonna ýetirmäge mümkinçilik berjek Ýol kartasyny işläp taýýarladylar. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow geçen penşenbe güni Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde mälim etdi.

Alihan Smailow Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar üçin iň gysga ýol bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem uly ähmiýete eýedigini belledi diýip, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, şu ugur boýunça 9 aýyň dowamynda Eýrana ýük gatnawy 9 göterim ýokarlanyp, daşalan ýüküň möçberi 1,5 million tonnadan geçdi.
   
Şu ýylyň awgust aýynda Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK) energetika we infrastruktura ministri Arzybek Kožoşew we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Russiýadaky ilçisi Mohammad Ahmad Al-Jaber ÝYK-a agza ýurtlary bilen BAE-niň arasyndaky ulag aragatnaşygy, şol sanda Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol arkaly ýük daşamalary maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022