2024: Ýük daşaýjy gämiler Wolga-Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
2024: Ýük daşaýjy gämiler Wolga-Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlarlar
Wolga derýasynda ýük daşaýan gämi, Russiýa Federasiýasy (Surat: portnews.ru)

Suwdan aşakdaky bölegi 4 metrden gowrak bolan gämiler 2024-nji ýylda Wolga — Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousowyň 11-17-nji noýabr aralygynda geçirilen “Ulag hepdesi 2023” atly forumynyň çägindäki “Russiýa 2035: täze ulag ykdysadyýetine tarap” atly plenar mejlisinde aýdanlaryna salgylanyp, Türkmenawtoulaglary agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Bu — köp zähmeti, belki-de bu bölümdäki ähli güýji talap edýän işleriň uly toplumy. Emma kanalyň özi ýurtdaky ýük akymynyň ykdysadyýetini düýpgöter üýtgeder. Eýýäm ýük daşaýjylar bu ugur boýunça Eýrana haryt iberip başlamak üçin nobata durýarlar” diýip, Andreý Belousow belledi.

Şeýle hem “Rosmorport” (Russiýanyň deňiz porty) Federal döwlet unitar kärhanasynyň baş direktory Sergeý Pylin Wolga — Hazar deňzi gämi kanalynyň düýbüni çuňlaşdyrmak işleriniň çäklerinde 10 million kub metrden gowrak toprak göterilendigini aýtdy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu işe dürli görnüşdäki gämileriň 18-si gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, geçirilen işleriň täsiri Astrahan sebitiniň Senagat, söwda we energiýa ministrliginde-de duýuldy. Şeýle-de bu ýerde 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýanyň Hazar basseýnindäki ýük portlarynyň ýük dolanyşygynyň ýokarlanandygy hem bellenip geçildi. Astrahan portlarynda bu işiň ösüş depgini 58 göterim, Olýa portunda 15 göterim, Mahaçkala portunda bolsa 18 göterim boldy. Gämi dolanyşygy 87 göterim ýokarlandy.

Bellenilişi ýaly, kuwwatyny artdyrmak üçin Wolga — Hazar deňzi gämi kanalynyň durkunyň täzelenmeginiň 2027-nji ýyla çenli meýilleşdirilýär.

2022