Türkmenistan ýod öndürmek üçin nebit galyndylaryny ulanyp başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ýod öndürmek üçin nebit galyndylaryny ulanyp başlady
Nebit önümçiliginiň netijesinde nebit ýatagynyň üstünde emele gelýän suwuk galyndylar ýod öndürmek üçin ulanylýar.

Türkmenistan Goturdepe ýatagyndan nebit galyndylaryny ýod öndürmek üçin ulanyp başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, nebit önümçiliginiň netijesinde nebit ýatagynyň üstünde emele gelýän suwuk galyndylar ýod öndürmek üçin ulanylýar.

Nebit ýatagynyň üstünde emele gelýän suwuk galyndylar laboratoriýalarda tehniki synaglardan geçirilenden soň, önümçilik üçin ýod zawodyna iberilýär.

Goturdepe nebit ýatagy 2010-njy ýyla Balkan welaýatynda işe girizildi. Häzirki wagtda bu nebit ýatagy 15 sany guýyny özünde jemleýär.

2022