Germaniýada türkmen-german ykdysady forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýada türkmen-german ykdysady forumy geçiriler
Türkmen-german işewürlik forumy, 2019-njy ýylyň 11-14-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: sng.today)

Türkmen-german ykdysady forumy şu ýylyň oktýabr aýynda Germaniýada geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, türkmen wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň 25-28-nji aprelinde Germaniýa iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bu ýurduň iri ykdysady guramalarynyň biri bolan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Raşid Meredow Germaniýanyň “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda german tarapynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar innowasiýalar, maýa goýum, sanly tehnologiýalar we “ýaşyl” ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.

Mundan başga-da, Germaniýa iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti “Wilo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen suw hojalyk ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy, şeýle hem Germaniýanyň “Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklarynyň ýolbaşçylary bilen halkara maliýe we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

2022