RŽD Türkmenistana ýük daşamalarynyň mukdaryny 73% artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
RŽD Türkmenistana ýük daşamalarynyň mukdaryny 73% artdyrdy
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahaty, 2023-nji ýylyň 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistana ýük daşamalarynyň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73 göterim artdyrdy. Bu barada Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary Sergeý Pawlowyň “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan bilen ýük daşamalary barada aýdylanda, birinji çärýekde yzygiderli ösüş gazanyldy. Şeýle hem 73 göterimden hem köp ýük Türkmenistana iberildi. Türkmenistandan üstaşyr gatnaw barada aýtsak, ol 3,5 esse köpeldi. Bu görkezijileriň mundan beýläk hem ýokarlanjakdygyna ynanýaryn” diýip, Sergeý Pawlow maslahatyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Şeýle hem RŽD-nyň Baş direktorynyň orunbasary RŽD-nyň türkmen kärdeşleri bilen Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýük daşamalarynyň ösmegini, bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky çäreleri, şeýle hem sanly transformasiýany we degişli ugurda işiň güýçlendirilmegini göz öňünde tutýan birnäçe resminama gol çekendiklerini aýtdy.

Mundan başga-da, Sergeý Pawlow RŽD-nyň Türkmenistana Arkadag-Aşgabat ugry boýunça 140 km/sag tizlik bilen hereket etýän sebitleýin ýokary tizlikli ýolagçy otlusynyň taslamasyny hödürledi.

RŽD-nyň metbugat gullugy şu ýylyň 28-nji martynda Russiýanyň demirýollary bilen “Türkmendemirýollary” agentligi ýakyn wagtda Aşgabatda we Moskwada wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022