Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn demir ýol wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn demir ýol wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýär
RŽD “Türkmendemirýollary” agentligine sanly ulgamy we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam berýär.

Russiýanyň demirýollary (RŽD) bilen “Türkmendemirýollary” agentligi ýakyn wagtda Aşgabatda we Moskwada wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada RŽD-nyň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, RŽD “Türkmendemirýollary” agentligine sanly ulgamy we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam berýär.  

Mundan başga-da, Russiýanyň demirýollary we Türkmendemirýollary” agentligi Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ulag we logistika hyzmatlaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşenbe güni Aşgabatda “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory, müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow bilen geçiren duşuşygynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022