Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda öndürilen oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29,2 göterim artandygyny habar berdi.
Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabatynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşiniň 104,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüşiniň bolsa 104,8 göterime deň bolandygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 105,6 göterime, nah matalaryňky 114,8 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 102,1 göterime, gön önümleriniňki 117 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň, olaryň bahalaryny durnukly saklamagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, şol kärhanalary önümçilik-taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, hususy ulgamda eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleri dowam etdirmek babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.