Türkmenistanda ýük daşamagyň ösüş depgini 103 göterime deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýük daşamagyň ösüş depgini 103 göterime deň boldy
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly sergi, 2023-nji ýylyň 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2023-nji ýylyň dört aýynda ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgininiň 103 göterime deň bolandygy barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşiniň 122,8 göterime deň bolandygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 103,3 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 121,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 299,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 111,7 göterime deň boldy.

Şeýle hem agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hasabat döwründe ýük daşamalary amala aşyrmak üçin täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlarynyň açylandygyny mälim etdi.

Hasabatyň dowamynda Mämmethan Çakyýew şu ýylyň dört aýynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak, türkmen-rus, türkmen-hytaý bilelikdäki iş toparlarynyň döredilendigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022