Türkmen-täjik işewürlik maslahatynda 20-den gowrak resminama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-täjik işewürlik maslahatynda 20-den gowrak resminama gol çekildi
Türkmen-täjik işewürlik forumy, 2023-nji ýylyň 8-nji maýy, Duşenbe, Täjigistan

Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistanyň birnäçe döwlet kärhanalarynyň we hususy düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 20-den gowrak resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Işewürlik maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary, beýleki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi.

Şeýle hem Täjigistanyň ýeňil senagat ulgamynda tejribe alyşmagyň çäklerinde Täjigistanda hereket edýän pudaklaýyn kärhanalaryň binýadynda, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde bilelikdäki kärhanalary döretmek baradaky pikirler aýdyldy.

Mundan başga-da, bu ýerde işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisinde bolsa iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, ykdysadyýetlerini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän Türkmenistanda we Täjigistanda telekeçiligi netijeli hem-de depginli öňe ilerletmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi.

Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň, senagat, energetika, dokma pudagynyň, gurluşyk, binagärlik, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamlarynyň gazananlary, hususy kompaniýalaryň onlarçasynyň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary görkezildi.

Türkmen-täjik işewürlik forumy 8-nji maýda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde öz işine başlady.

2022