USAID türkmen zenanlaryna “eBay” dükanlaryny açmaga ýardam berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID türkmen zenanlaryna “eBay” dükanlaryny açmaga ýardam berýär
USAID-iň “Handmade Export” maksatnamasyna gatnaşýan türkmen zenan telekeçileri we senetçileri

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Enjali Kaur çarşenbe güni USAID-iň “Handmade Export” maksatnamasyna gatnaşýan Türkmenistanyň zenan telekeçileri we senetçileri bilen duşuşyk geçirdi. USAID-iň ýardam bermeginde 24 sany telekeçi zenan umumy möçberi 100 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 265 sany önümi satýan “eBay” dükanlaryny işe girizdiler. Bu barada USAID-iň “Twitter” sahypasynda habar berilýär.

USAID-iň “Handmade Exports” startap inkubator maksatnamasyna 2021-2022-nji ýyllarda 42 sany zenan telekeçi we senetçi gatnaşdy. Maksatnama gatnaşyjylaryň 24-si “eBay” söwda platformasynda ýörite dükanlaryny açdylar. Bu platformanyň üsti bilen maksatnama gatnaşyjylar ABŞ-nyň, şeýle hem Kanadanyň, Ýaponiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň alyjylaryna umumy möçberi 7500 ABŞ dollaryna barabar bolan 49 sany önümi satdylar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, telekeçileriň içerki bazarda 2022-nji ýylda satan önümleriniň umumy mukdary 1,75 million manada deň boldy. Habarda bellenilişi ýaly, bu oňyn netije bolup, oňa esasan ýerli onlaýn söwda platformalar ýaly täze satuw ugurlarynyň ornaşdyrylmagy, telekeçileriň ýerli söwda sergilerine işjeň gatnaşmaklary we marketingiň ýokarlandyrylmagy sebäp boldy.

“ebay” söwda platformasynda elde dokalan halylary, ýorganlary we etnografik senetçilik önümlerini hödürleýän “Empire of Carpets”, “Touched by Karakum”, “Hemdem” we “Eco Asia” meşhur dükanlary türkmen telekeçileri tarapyndan dolandyrylýandyr.

Mart aýynyň 30-na Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Lebap Handmade Exports (Lebap HME)” atly startap inkubator maksatnamasynyň işe girizilmegi mynasybetli senetçilik önümleriniň sergisi geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022