Türkmenistanda 2023-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna gazak kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 53 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu barda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berildi.
Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen serhetleşýän Gazagystanyň Mangystaw oblastynda türkmen tarapynyň gatnaşmagynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki kärhanalaryň 16-sy hereket edýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Döwlet Baştutanlary ýakyn geljekde özara söwdanyň ösüşini 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýärler.
Gazagystana eksport edilýän esasy önümler pagta, dokma önümleri, trikotaždan taýýarlanan egin-eşikler, himiki süýüm we mineral dökünler bolup durýar. Şeýle-de türkmen telekeçileri goňşy ýurda gök önümleri we ýuwujy serişdeleri eksport edýärler.
Şeýle hem Gazagystandan Türkmenistana un, mebel, elektrik we tehnologiki enjamlary hem-de beýleki harytlar import edilýär.
Türkmen-Gazak hyzmatdaşlygynda energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalary strategiki ähmiýete eýedir.
Ulag pudagynda oňyn hyzmatdaşlygyň anyk netijesi hökmünde Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesinde iň möhüm baglanyşyga öwrülen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoluny görkezmek bolar.