Türkmenistanda 28-30-njy iýun aralygynda Gurban baýramy belleniler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 28-30-njy iýun aralygynda Gurban baýramy belleniler
Gurban baýramy mynasybetli geçirilýän baýramlardan bir pursat

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew şu ýylyň 12-16-njy iýun aralygynda Latwiýada geçiriljek Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar bermegine görä, häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, şäheriň häkimligi hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu işleriň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, ähli degişli görkezijileri yzygiderli hem-de içgin öwrenmek esasynda alnyp barylmalydygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda käbir resminamalaryň taslamalaryna we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.

2022