Latwiýanyň Riga şäherinde 12-16-njy iýun aralygynda geçirilýän Türkmen-Latwiýa Ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisinde taraplar türkmen telekeçileri üçin Latwiýa portlarynyň çäginde we ýörite ykdysady zolaklarynda, Ýewropa Bileleşiginiň, Baltika ýurtlarynyň we Skandinawiýanyň bazarlarynda türkmen harytlaryny öndürmek, saklamak, gaýtadan işlemek, ýaýratmak üçin önümçilik we ulag-logistika kärhanalaryny, terminallary, ammarlary döretmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdiler.
Mejlisde taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin wezipeleri kesgitlediler. Hususan-da, taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek, üstaşyr-logistika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretdiler. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda konteýner we intermodal ýük daşamagy artdyrmaga, şeýle hem, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň arasynda dürli üstaşyr geçelgelerini birikdirmäge we TRACEKA bilen birlikde alternatiw logistika ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi bellenildi.
Şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri Latwiýa tarapyny Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we terminallary bilen tanyşdyrdylar we portuň kuwwaty, döwrebap enjamlary we işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin Latwiýanyň wekillerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çagyrdylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça ýokarda agzalan ugurlar we geljekki ýerine ýetirilmeli wezipeler babatynda Türkmen-Latwiýa Ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekiler.
Latwiýanyň üç sany uly portlary ýagny, Liepaýa, Riga, Wentspils portlary, şeýle hem Latwiýanyň ähli deňiz serhedinde ýerleşýän ýedi sany kiçi Engure, Liepule, Mersrags, Pawilosta, Roýa, Solasgriva we Skulte portlary bardyr.