Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-nyň forumyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-nyň forumyna gatnaşar
BMG-nyň baş edarasy, Nýu-Ýork (Surat: unesco.org)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli syýasy forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýdyp, onuň çäklerinde Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny hödürlemek baradaky teklibi beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna bu forumyň barşynda türkmen wekiliýeti tarapyndan BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy boýunça ugurdaş çäräni geçirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri awgust aýynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli syýasy forumynyň jemleri boýunça BMG-niň edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanda görülýän toplumlaýyn çärelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligi guramagy hödürledi.

Mundan başga-da, DÖM-niň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça maglumat binýadyny öz içine alýan internet meýdançasyny Statistika baradaky döwlet komitetiniň stat.gov.tm internet saýtynda ýerleşdirmek, şeýle hem türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Durnukly ösüş maksatlarynyň sammitine gatnaşmagy boýunça teklipler beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady we BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk gatnaşyklaryň ençeme ugurlary öz içine alýandygyny we uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany wise-premýere, daşary işler ministrine degişli işleri toplumlaýyn we yzygiderli esasda dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022