Arkadag şäherinde 110 sany ýaşaýyş jaýy, çagalar baglary, mekdepler gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherinde 110 sany ýaşaýyş jaýy, çagalar baglary, mekdepler gurlar
Arkadag şäheri, Türkmenistan

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 110 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany çagalar bagy we 5 sany umumy bilim berýän mekdep gurlar.

Bu maksat bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edildi.

Çap edilen bäsleşige görä, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 9 sany, her biri 320 orunlyk çagalar bagy, 5 sany, her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 36 sany, bäş gatly, her biri 30 öýli ýaşaýyş jaýy, 36 sany, bäş gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy, 24 sany ýedi gatly, her biri 42 öýli ýaşaýyş jaýy hem-de 14 sany, dokuz gatly, her biri 54 öýli ýaşaýyş jaýy gurlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda şu ýylyň 18-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda demir ýol menzili, awtotoplum we bellige alyş nokady, awtomobil menzili, Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasy hem-de saglyk öýüniň binasy gurlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022