Türkmenistana dokuz sany ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglar gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana dokuz sany ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglar gelip gowuşdy
“Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestine getirilen “XJ — 450” we “XJ — 650” kysymly täze ýük göteriji ulaglar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestine şenbe güni dokuz sany ýokary kuwwatly ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglar gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.

Balkan welaýatynyň merkezindäki “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestine getirilen “XJ — 450” we “XJ — 650” kysymly täze ýük göteriji ulaglar Hytaýdan satyn alyndy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu köpugurly we kuwwatly göteriji ulaglar önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda dürli düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.

Konserniň Balkanabat şäherindäki Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginde täze ýokary kuwwatly ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglaryň gelip gowuşmagy bilen bagly dabara geçirildi. Dabara Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly nebitçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

2022