SNGIZ-de nebitiň 227,4 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
SNGIZ-de nebitiň 227,4 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi
SNGIZ-de 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda benziniň 80,1 müň tonna golaýy öndürildi.

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda esasy çig mal bolan nebitiň 227,4 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu döwürde çig mal bolan nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 105,6 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe SNGIZ-de benziniň 80,1 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 55,1 müň tonnadan gowragy, agyr wakuum gazoýlynyň 14 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň hem 9,7 müň tonna golaýy öndürildi.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir.

SNGIZ-iň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy. Şeýle hem bu ýerde 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022