Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dürli ýükleri we harytlary, hasaba almazdan we gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamak hyzmatyny hödürleýär. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, gümrük ammarynda ýerleşdirilen harytlar hemişe gümrük gözegçiliginde durýar we bu ýerde harytlaryň saklanyş möhleti öňünden ylalaşylan şertler bilen kesgitlenýär. Eksport-import amallaryny ýerine ýetirýän kompaniýalar deňiz portunyň ösen infrastrukturasyny, amatly we giň ammarlaryny, ýükleýji we düşüriji tehnikanyň häzirkizaman görnüşlerini ulanmak arkaly harytlaryny goňşy ýurtlara ýa-da ýurduň çägine tiz wagtda ugratmaga mümkinçilik alarlar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän terminallar aşakdakylardan ybarat:
- Ýolagçy-parom terminaly - ulaglar bilen birlikde harytlaryň saklanmagy üçin niýetlenen açyk we ýapyk görnüşli ammarlardan ybarat bolup, ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň ulaga hyzmat etmäge ukyplydyr.
- Konteýner terminaly - ýylda 400 müň konteýner geçirmäge ukyply bolup, ol umumy meýdany 9 984 inedördül metre barabar bolan ýapyk we 3 060 inedördül metre deň bolan açyk ammarlary öz içine alýar.
- Ürgün ýük terminaly - ýylda umumy kuwwaty 3 million tonna çenli ýükleri geçirmäge ukyply bolup, ol demir magdany, sement, kömür, kükürt, galla, şeker, duz we beýleki köp sanly ürgün ýükleri dolandyrmak we saklamak üçin niýetlenendir. Bu terminalda 37 müň inedördül metr bolan açyk we umumy meýdany 8 512 inedördül metre deň bolan ýapyk ammarlar bar.
- Umumy ýük terminaly - polat, demir, ulaglar, enjamlar, agaç materiallary ýaly agyr ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenendir. Terminalda 75 müň inedördül metr meýdany bolan açyk we meýdany 26 394 inedördül metre deň bolan ýapyk ammarlar bardyr.
- Polipropilen terminaly - ýylda 120 müň tonna çenli polipropilen geçirmäge ukyply bolup, onda ýapyk ammar bar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde ýörite gümrük düzgüninde ýükleri saklamak üçin ygtyýarnama aldy.