Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň “EKSPO — 2023 Doha” halkara sergisine hem-de “Foodeх Saudi” atly Х halkara söwda sergisine gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmäniň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” şäher bilen bagly meselelere bagyşlanan “EKSPO-2023 Doha” halkara sergisi 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Kataryň Doha şäherinde, “Foodeх Saudi” atly Х halkara söwda sergisi bolsa şu ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçiriler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Türkmenistanyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň daşary döwletlerde geçiriljek halkara sergilere gatnaşmagyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.