“Oguzabat” Türkmenbaşy portundan Türkiýä 749,9 tonna koks ugratdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Oguzabat” Türkmenbaşy portundan Türkiýä 749,9 tonna koks ugratdy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň polipropilen terminaly

“Oguzabat” hojalyk jemgyýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen ýokary hilli koks önüminiň 749,9 tonnasyny Türkiýäniň “Bestway” kompaniýasyna ugratdy. Bu barada Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem polipropilen terminalynyň üsti bilen Gazagystanyň “Korsintez” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda 1 müň 350 tonna polipropilen önümi Russiýanyň Astrahan oblastyna eksport edildi diýip, habarda bellenilýär.

Polipropilen terminalynda polipropileniň tebigy şertlerden zaýalanmazlygy üçin ähli mümkinçilikler döredilip, onda ýerleşdirilen demir relsde hereket edýän port kranlary şol bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT-lik gämilere ýükleme we düşürme işlerini amala aşyrýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň umumy meýdany 62 müň inedördül metr, ýyllyk kuwwaty bolsa 120 müň tonna bolup, onuň üsti bilen dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri eksporda ugradylýar.

2022