ASCO kompaniýasy Hazaryň türkmen böleginde turbageçiriji gurmak boýunça işleri tamamlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
ASCO kompaniýasy Hazaryň türkmen böleginde turbageçiriji gurmak boýunça işleri tamamlady
ASCO kompaniýasynyň "Süleyman Vəzirov" atly turba gurnaýjy gämisi (Surat: ASCO)

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasy (ASCO) Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän “Lam we Ždanow” nebit ýatagynda suwasty turbageçirijini gurmak boýunça işleri tamamlady. Bu barada ASCO-nyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň suwasty turbageçirijini gurmak boýunça sargydy ASCO kompaniýasynyň "Süleyman Vəzirov" atly turba gurnaýjy gämisi arkaly durmuşa geçirildi.

Diametri dört dýuýma deň bolan suwasty gaz geçiriji LAM-B platformasyndan LAM-C we LAM-28 platformalaryna çenli gurnaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, uzynlygy bäş kilometrden gowrak bolan gaz geçirijini gurmak boýunça işler 2022-nji ýylyň mart aýynda başlandy.

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasy (ASCO) 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça ýük ulaglarynyň daşalmagyna arzanladyş yglan etdi.

2022