Türkmenistan we Gazagystan Azerbaýjanyň üsti bilen nebit eksportyny artdyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan Azerbaýjanyň üsti bilen nebit eksportyny artdyrdylar
"Azertrans" Baku nebit terminaly (Surat: Azertrans)

 

Azerbaýjanyň terminallarynyň üsti bilen şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystandan eksport edilen nebitiň umumy mukdary 2,9 million tonna deň boldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komiteti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji 2022-nji ýylda 2,6 million tonna barabar boldy. Türkmen we gazak nebiti Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçýän Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly daşaldy.

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Azerbaýjanyň nebit eksportynyň umumy mukdary 23,1 million tonna deň boldy we şolardan 76,3 göterimi BTJ turbageçirijisi arkaly daşaldy.

Mundan başga-da, Azerbaýjan şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistandan 398,872 million kubmetrden gowrak tebigy gazy import etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022