Aşgabatdaky FLO dükanyndan täze teklip: bir haryt alana biri mugt

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatdaky FLO dükanyndan täze teklip: bir haryt alana biri mugt
Türkiýäniň FLO kompaniýasynyň Aşgabatdaky dükany

Aşgabat şäherindäki “Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde ýerleşýän Türkiýäniň FLO kompaniýasynyň Türkmenistandaky dükany müşderilerine bellenen harytlar üçin “1 haryt alana 1 haryt mugt” teklibini hödürleýär.

FLO dükanynyň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, dükanda erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen dünýä belli markalaryň aýakgaplarynyň ähli görnüşleri, egin-eşikler, aksessuarlar hödürlenilýär.

Dükanyň müşderileri “Kinetix”, “U.S. Polo Assn.”, “Polaris”, “Lumberjack”, “Lotto”, “Torex”, “Nine West”, “INCI”, “Puma” ýaly dünýä belli markalaryň aýakgaplaryny elýeterli bahalardan satyn alyp bilerler. 

FLO dükanynyň harytlaryny “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde satyn almak mümkinçiligi hem bardyr. Bu online platformada FLO dükanynyň harytlaryny satyn alan müşderilere 5 göterim cash back we 90 minudyň dowamynda mugt eltip bermek hyzmaty garaşýar.

Mundan başga-da, alyjylar öňünden hiç hili tölegsiz 6 aý garaşaryna dürli görnüşli aýakgaplary satyn alyp bilerler.

FLO kompaniýasy türkiýeli Ahmet Ziýlan tarapyndan 1960-nji ýylda kiçi ussahana hökmünde esaslandyryldy. Häzirki wagtda FLO dükany Türkiýede öňdebaryjy orny eýeleýär we bu ýerde onuň 400-e ýakyn söwda nokatlary hereket edýär.

Türkiýäniň FLO kompaniýasynyň Aşgabatdaky dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, “Berkarar” söwda dynç-alyş merkeziniň aşaky gaty

Habarlaşmak üçin telefon belgi:

+993 64 76-89-08

Instagram: flo__turkmenistan

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022