Türkiýäniň “Altınyıldız Classics” brendiniň Aşgabatdaky dükanlarynda erkek adamlar üçin egin-eşiklere, aýakgaplara “Ýyldyz” atly arzanladyş dowam edýär.
“Altınyıldız Classics” brendiniň Aşgabatdaky dükanynyň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, arzanladyş penjek we balak üçin 2999 manada, penjekler üçin 999 manada, köýnekler üçin 399 manada, balaklar üçin 499 manada we köwüşler üçin 599 manada deňdir.
Şeýle hem ähli müşderiler “Altınyıldız Classics” brendiniň harytlaryny “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde satyn alyp bilerler. Bu online platformany ulanyp bu brendiniň egin eşiklerini sargyt eden müşderilere 90 minudyň dowamyna mugt eltip bermek we eşikleri özüňe deňäp görmek hyzmaty garaşýar.
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:30-dan 23:00-a çenli işleýär. Müşderiler “Asmanexpress” ykjam goşundysyny “Google Play” we “AppStore” salgylaryndan ýükläp alyp bilerler.
Mundan başga-da, alyjylar öňünden hiç hili töleg etmezden 6 aý garaşaryna “Altınyıldız Classics” brendiniň dürli görnüşli harytlaryny satyn alyp bilerler.
Türkiýäniň “Altınyıldız Classics” brendiniň Aşgabatdaky dükanlarynyň salgylary:
Aşgabat şäheri, “Berkarar” söwda dynç-alyş merkeziniň ikinji gaty
Aşgabat şäheri, Ýunus Emre köçesi, “Parahat” bazary
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Instagram: altinyildiz_turkmenistan