Aşgabatdaky “Altınyıldız Classics” dükanlarynda “Ýyldyz” arzanladyşy dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatdaky “Altınyıldız Classics” dükanlarynda “Ýyldyz” arzanladyşy dowam edýär
Türkiýäniň “Altınyıldız Classics” brendiniň Aşgabat şäherinde ýerleşýen “Berkarar” söwda dynç-alyş merkezindäki dükany

Türkiýäniň “Altınyıldız Classics” brendiniň Aşgabatdaky dükanlarynda erkek adamlar üçin egin-eşiklere, aýakgaplara “Ýyldyz” atly arzanladyş dowam edýär.

“Altınyıldız Classics” brendiniň Aşgabatdaky dükanynyň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, arzanladyş penjek we balak üçin 2999 manada, penjekler üçin 999 manada, köýnekler üçin 399 manada, balaklar üçin 499 manada we köwüşler üçin 599 manada deňdir.

Şeýle hem ähli müşderiler “Altınyıldız Classics” brendiniň harytlaryny “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde satyn alyp bilerler. Bu online platformany ulanyp bu brendiniň egin eşiklerini sargyt eden müşderilere 90 minudyň dowamyna mugt eltip bermek we eşikleri özüňe deňäp görmek hyzmaty garaşýar.

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:30-dan 23:00-a çenli işleýär. Müşderiler “Asmanexpress” ykjam goşundysyny “Google Play” we “AppStore” salgylaryndan ýükläp alyp bilerler.

Mundan başga-da, alyjylar öňünden hiç hili töleg etmezden 6 aý garaşaryna “Altınyıldız Classics” brendiniň dürli görnüşli harytlaryny satyn alyp bilerler.

Türkiýäniň “Altınyıldız Classics” brendiniň Aşgabatdaky dükanlarynyň salgylary:

Aşgabat şäheri, “Berkarar” söwda dynç-alyş merkeziniň ikinji gaty

Aşgabat şäheri, Ýunus Emre köçesi, “Parahat” bazary

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+993 61 64-40-59

+993 64 75-13-07

Instagram: altinyildiz_turkmenistan

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022