“Arassa Asman”: agyz suwuny 10 minutda eltip bermek hyzmaty

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Arassa Asman”: agyz suwuny 10 minutda eltip bermek hyzmaty
“Arassa Asman” kompaniýasynyň işgäri sargyt edilen agyz suwuny bellenilen salga alyp barýar

“Arassa Asman” kompaniýasy 19 litrlik gaplara gaplanan arassa agyz suwunyň tiz eltip berilmegini üpjün etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanýar. Müşderi kompaniýadan arassa agyz suwuny sargyt edip, onuň bary-ýogy 10 minutda eltilip beriljekdigine doly göz ýetirip biler.

Mundan başga-da, “Arassa Asman” suwuň tagamy baradaky şübheleri aýyrmaga we özi üçin iň amatly şertleri saýlamaga mümkinçilik berýän bahasy 15 manat bolan 10 günlük suwuny synamak teklibini hödürleýär. Şol bir wagtyň özünde synag möhletindäki iň soňky sargyt bary-ýogy 20 manada deň bolar.

Kompaniýanyň eltip bermek hyzmaty her gün 7:30-dan 23:00-a çenli işleýär we bu müşderilere özleri üçin amatly wagtda suw sargyt etmäge mümkinçilik berýär.

“Arassa Asman” kompaniýasy “Asmanexpress” onlaýn platforma bilen bilelikde özboluşly hyzmaty, ýagny, agyz suwy bilen gerekli önümleri 10 minutda sargyt etmegi hödürleýär. Sargyt edilen arassa agyz suwunyň bahasy 15 manada, iki sany 19 litrlik gapda gaplanylan suwuň bahasy bolsa 28 manada deňdir.

Önümleriň has giň görnüşini saýlamak isleýän müşderiler üçin “Asmanmega” hyzmaty elýeterlidir. Bu ýerde sarp ediji 14 manat bahadan agyz suwuny sargyt edip biler we dürli önümler bilen bilelikde sargydyny 30-45 minudyň dowamynda eltip bermek hyzmatyny iň az çykdajy bilen alyp biler.

Arassa agyz suwy ilkinji gezek sargyt edilende 19 litrlik bir gabyň bahasy 125 manada, iki sany gabyň bahasy 250 manada, üç gabyňky bolsa 375 manada deň bolar. Sargyt edilende başga bir öndürijiniň suw gabyny çalyşmak hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar.

“Asmanexpress” — Türkmenistanda 10 minutda eltip bermek hyzmatyny hödürleýän ilkinji innowasiýon onlaýn platformadyr. Mundan başga-da, “Asmanexpress” täze goşulan müşderilere iň gowy teklipleri, arzanladyşlary hem-de sowgatlary hödürleýär.

“Asmanexpress” onlaýn platformasynda müşderi sargyt eden harydyny doly gözegçilik edip bilýär. Müşderi gerek harydyny sebede geçirip, sargydy tassyklandan soň, ony getirýän çaparyň nireden gelýändigini kartadan yzarlap biler.

Müşderiler “Asmanexpress” ykjam goşundysyny “Google Play” we “AppStore” salgylaryndan ýükläp alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri:

+993 61 28-23-93

+993 64 75-59-97

Web sahypa: asmanexpress.com

Elektron salgy: info.asmanexpress@gmail.com

2022