“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar
“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň “Bitarap” atly gämisi

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi üçin iki sany gury ýük gämisini gurar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň umumy meýdany 166. 000 inedördül metre barabar bolup, zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10.000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 sany gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. 

2022