Türkmenistan Russiýadan 3300 kub metrden gowrak agaç önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýadan 3300 kub metrden gowrak agaç önümlerini import etdi
Agaç önümleriniň alnyp barylýan pursady (Surat: drikus.club)

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýanyň Kostroma sebitinden 3300 kub metrden gowrak agaç önümlerini import etdi. Bu barada Russiýany “Rosselhoznadzoryň” metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, agaç önümleri (arça, sosna agajy) Türkmenistana iberilmezden ozal “Rosselhoznadzoryň” Wladimir, Kostroma we Iwanowo sebitleri boýunça müdürliginiň hünärmenleri tarapyndan gözegçilik edildi.

Eksport edilen materiallaryň her topary termik ýylylyk usuly ulanylyp karantin fitosanitar zyýansyzlandyrma ammallaryndan geçirildi.

Şeýle hem Kostroma sebitiniň çäginden Türkmenistana eksport üçin iberilen agaçlaryň ähli topary import ediji gurama tarapyndan kabul edildi.

Russiýanyň 2022-nji ýylda Türkmenistana agaç önümleriniň eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarlanyp, 101 müň kub metre deň boldy. 

2022