Türkmenistan €7,64 million möçberinde mineral önümleri import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan €7,64 million möçberinde mineral önümleri import etdi
"Aýtik" mis käni, Ýelliwar, Şwesiýa (Surat: Boliden Group)

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 7,64 million ýewro möçberinde mineral önümleri import etdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bu görkezijiler geçen ýylyň alty aýy bilen deňeşdirilende 33,1 göterim ýokarlandy (5,11 million ýewro).

ÝB-niň Statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylyň iýun aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryndan umumy möçberi 517,6 müň ýewro deň bolan mineral önümleri import etdi.

2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryndan importy 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary bilen deňeşdirilende 4 göterim ýokarlandy we 221,5 million ýewro deň boldy.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 1 milliard ýewro barabar boldy. 

2022