Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty iki esseden gowrak artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty iki esseden gowrak artdy
"Türkmengaz" döwlet konserniniň hünärmeni gaz geçiriji ulgamyny barlaýar

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Azerbaýjana 732 million kubmetr tebigy gaz eksport etdi. Azerbaýjanyň Türkmenistandan tebigy gaz importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende (292 million kubmetr) iki esseden hem köpdir. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komiteti habar berýär.

Hasabat döwründe Türkmenistandan import edilen tebigy gazyň umumy bahasy 109,18 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň ilkinji alty aýy bilen deňeşdirilende (31,8 million ABŞ dollary) üç esse ýokarydyr.

Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy şertnamasyna laýyklykda, Azerbaýjan häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny import edýär. Eýran bilen Azerbaýjan 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýranyň turbageçiriji ulgamy arkaly Türkmenistandan Azerbaýjana ýyllyk gaz alyş-çalşygyny iki esse artdyrmak barada ylalaşdylar.

Azerbaýjan 2022-nji ýylda Türkmenistandan 857 million kubmetrden gowrak tebigy gazy import etdi. Şol döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty 110 million 870 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022