Azerbaýjan 875 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan 875 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi
Türkmenistanyň Azerbaýjana 2022-nji ýylda tebigy gaz eksporty 110 million 870 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Azerbaýjan 2022-nji ýylda Türkmenistandan 857 million kubmetrden gowrak tebigy gazy import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Şol döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty 110 million 870 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

2022-nji ýylda Azerbaýjan jemi 1,016 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz import etdi, bu bolsa 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 2 esse ýokarydyr. Tebigy gazyň importy 130 million 630 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolup, bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6,7 esse artdy.

Umumy tebigy gazyň importynyň 84,3 göterimi Türkmenistanyň paýyna, galan bölegi bolsa Russiýanyň (93 million kubmetrden gowrak ýa-da 17,2 million ABŞ dollary) we Eýranyň (takmynan 67 million kubmetr ýa-da 2,5 million ABŞ dollaryndan gowrak) paýyna düşdi.

2021-nji ýylda Azerbaýjan diňe Eýrandan tebigy gazy import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy.

2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Bakuwda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda, türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy iki esse artdyrylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022