Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurtda bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we banklaryň tölege ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we hakara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini we bu görkezijiniň 6,2 göterim artandygyny habar berdi.
Hasabata görä, 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 2,5 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň sekiz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 112,6 göterim we çykdajy böleginiň 97,9 göterim ýerine ýetirilendigini we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellenen möhletlerde taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady we bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.