“Ayenco” Türkmenistanda öndürilen polipropilen örtügini satyn almaga isleg bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ayenco” Türkmenistanda öndürilen polipropilen örtügini satyn almaga isleg bildirýär
“Ayenco” kompaniýasynyň polipropilen örtük ammary, Stambul, Türkiýe

Türkiýäniň “Ayenco” kompaniýasy Türkmenistanda öndürilen polipropilen örtügini (BOPP) satyn almaga isleg bildirýär. Bu kompaniýa eýýäm iki ýyldan bäri Türkmenistandan polipropilen örtüklerini satyn alyp gelýär.

“Ayenco” kompaniýasynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar bermegine görä, häzirki wagtda kompaniýa Türkmenistandan satyn alýan harytlaryny bölekleýin we lomaý söwda usuly arkaly taýyn önüm hökmünde Türkiýäniň içerki bazaryna hem-de Gündogar Ýewropa ýurtlaryna ugradýar.

Şeýle hem “Ayenco” kompaniýasy Türkmenistan bilen bir hatarda Russiýadan we Hytaýdan ýyllyk jemi 6 müň tonna polipropilen örtügini satyn alýar. Mundan başga-da, bu kompaniýa şu ýyl Eýranyň “Piran Polymer Pars” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy we “Ayenco” bu kompaniýanyň öndürmegi göz öňünde tutýan polipropilen örtüginiň ýyllyk önümçiliginiň 30 göterimini satyn almagy meýilleşdirýär.

Gaplama senagatynda BOPP termini bilen tanalýan polipropilen örtügi gaplaýjy serişde hökmünde azyk, dokma, derman, parfýumeriýa, kosmetika senagatynda we beýleki pudaklarda ulanylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2018-nji ýylyň iýulynda polipropilen örtügini öndürýän kärhana işe girizildi.

Bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty dürli görnüşli polipropilen örtükleriniň 21 müň tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Şeýle hem 2021-njy ýylda kärhanada polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.

Türkmenistanda öndürilen polipropilen örtüklerini satyn almagy dowam etdirmek isleýän “Ayenco” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän taraplar giňişleýin maglumaty kompaniýanyň web sahypasyndan alyp bilerler.

“Ayenco” kompaniýasy barada maglumat almak we habarlaşmak üçin:

Web sahypasy: www.ayenco.com

Elektropn salgysy: info@ayenco.com

Sosial ulgamlar üçin telefon belgisi:

+90 531 246 6629

Telefon belgileri:

+90 531 246 6629

+90 212 970 8090

2022