Türkmenistanyň önümçilik, medeni-durmuş ulgamlaryna 37,4 milliard manat maýa goýmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň önümçilik, medeni-durmuş ulgamlaryna 37,4 milliard manat maýa goýmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda şu ýyl ýurduň önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

“Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi we obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerim bilen bina edýäris” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle-de ýurduň sebitleriniň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işleriň alnyp barylýandygyny, şeýle hem önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberleriniň yzygiderli artdyrylýandygyny belläp, alnyp barlan bu işleriň netijesinde şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim möçberde durnukly saklanylýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022