Latwiýa Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Latwiýa Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýär
Demirýol menzilinde duran ýük otlusy, 2020-nji ýylyň maý aýy, Ýelgawa, Latwiýa (Surat: Evija Trifanova/"LETA")

Latwiýa Türkmenistan bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip, “Trend” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Latwiýa howa ulagyny, howa menzilleriň dolandyryşyny, awtoulag daşamalaryny ösdürmek pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegi we demir ýollaryň hereket edýän düzümlerine tehniki hyzmatlary bermekde bilelikde iş alyp barmagy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.

“Latwiýa deňiz portlaryny özgertmek, şeýle hem howa menzilleriniň işgärlerini okatmak bilen bagly tejrbelerini paýlaşmaga taýýar. Biziň pikirimizçe, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda ygtybarly we netijeli ulag geçlegesini ösdürmek örän zerur. Şonuň üçin-de,
bu ugurda Latwiýa we Türkmenistan wajyp ähmiýetli orny eýeläp biler” diýip, Latwiýanyň  Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şu ýylyň awgust aýynda Belgiýanyň “Challenge Airlines” awiakompaniýasy Türkmenistana ilkinji howa ýük gatnawyny amala aşyrdy. Şonda awiakompaniýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.

2022